Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Gowrup barýan gytlyk, ýakýan hassalyk, gyrgyn ýok eder olary. Iberýän ýyrtyjy haýwanlarym olara agyz salar, ýerde süýrenýän ýylanlar zäherin pürker. Eý, Liwanda mesgen tutan, kedr agaçlarynda höwürtge ýasan! Seni çaga dogurýanyňky ýaly burgydyr sanjy gurşanda, çekersiň ahy-nala! Sionyň ilaty: „Maňa we ysraýyl doganlaryma edilen zorluk Babylyň başyna gelsin!“ diýer. Iýerusalim: „Dökülen ganymyzyň huny, goý, babyllylardan soralsyn!“ diýer». Eger Men ol ýurda ýyrtyjy haýwanlary ýollasam, olar-da ony adamsyz goýsalar, ýurt haraba dönüp, ýaňky haýwanlardan ýaňa onuň içinden hiç kim geçmese, Köp milletleri talandygyňyz üçin, ynsanlaryň ganyny döküp, ýurda, şäherlere we ilatyna sütem edendigiňiz üçin, halklaryň aman galanlary sizi talarlar. Eý, Liwan, derwezeleriňi aç, goý, ot kedr agaçlaryňy ýakyp ýok etsin!
Выбор основного перевода