Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9
Параллельные места
Çekirtgeler tutuş Müsür topragyna inip, tutuş ýurdy boýdan-başa eýelediler. Şeýle san-sajaksyz çekirtge sürüsi öň hiç haçan bolan däldir, indi hem bolmaz. Çekirtgeler tutuş ýurduň ýüzüni örtendigi sebäpli, ýeriň üsti garalypdy. Olar ýurtdaky doly ýagandan soňky galan ähli bag-bakjalary we ähli agaçlaryň miwelerini iýdiler. Tutuş Müsür topragynda ne agaç, ne-de bag-bakja galdy, ýekeje-de ýaşyl zat galmady. Onuň alyhezreti Aşur patyşasynyň iberen baş weziriniň diri Hudaýy masgaralamak üçin aýdan sözlerini, belki, Hudaýyň Reb eşidendir; Hudaýyň Reb şol sözleri üçin olary jezalandyrar. Indi aman galan adamlar üçin dileg et“». Olar öldürip ýörkäler, men ýeke galdym we ýüzin ýykylyp, dady-perýat etdim: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Gahar-gazabyňy Iýerusalimiň üstünden döküp, Ysraýylyň aman galan halkynyň hem baryny gyraýjakmy?» Onsoň şeýle boldy: men pygamberlik edip ýörkäm, Benaýanyň ogly Pelatýa öldi. Men ýüzin ýykyldym, gaty ses bilen: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Sen Ysraýylyň aman galan adamlarynyň hem soňuna çykaýjakmy?» diýip perýat etdim. Ýermeýa pygambere şeýle diýdiler: «Haýyşymyzy berjaý etmegiňi towakga edýäris, biziň üçin, bu aman galanlar üçin Hudaýyň Rebbe dileg et. Öz gözüň bilen görşüň ýaly, biz köpçülikdik, indi bolsa azalyp galdyk.
Выбор основного перевода