Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9
Параллельные места
Ýarobgam sekizinji aýyň on bäşine Ýahudadaky geçirilen baýram ýaly baýram edip, gurbanlyk sypasynda gurbanlyk berdi. Ol öz ýasan gölelerine gurbanlyklar hödür etmek üçin, Beýtelde hem şeýle etdi. Onsoň ol Beýtelde öz guran seždegählerine ruhanylar belledi. Ahap Ylýasy görüp, oňa: «Ysraýyl halkyny biynjalyk edýän senmisiň?» diýdi. Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýanyň şalygynyň on bäşinji ýylynda Ýehowaşyň ogly Ysraýyl patyşasy Ýarobgam Samariýa patyşa bolup, kyrk bir ýyl şalyk sürdi. Ýermeýa Rebbiň ähli halka aýt diýip, özüne buýran zatlarynyň baryny aýdyp bolanynda, ruhanylar, pygamberler we ähli halk ony tutup: «Sen hökman ölersiň! Näme üçin sen: „Bu öý Şilo kimin bolar we bu şäher ilatsyz harabaçylyga öwrüler“ diýip, Rebbiň adyndan pygamberlik etdiň?» diýdiler. Rebbiň öýünde ähli halk Ýermeýanyň daşyny gabady. Ýahudanyň ýolbaşçylary bu zatlary eşidenlerinde, patyşanyň köşgünden çykyp, Rebbiň öýüne geldiler we Täze derwezäniň girelgesinde oturdylar. Onsoň ruhanylar, pygamberler ýolbaşçylar bilen ähli halka ýüzlenip: «Öz gulaklaryňyz bilen eşidişiňiz ýaly, ol adamy bu şähere garşy pygamberlik edendigi üçin, ölüm jezasyna höküm etmeli» diýdiler. Munuň üçin ýolbaşçylar patyşa şeýle diýdiler: «Bu adam öldürilsin, sebäbi ol şeýle sözleri aýdyp, bu şäherde aman galan urşujylar bilen ähli halky ruhdan düşürýär. Çünki bu adam bu halka ýagşylyk däl-de, ýamanlyk isleýär». Emma olar hötjetlik edip: «Bu adam Öz taglymaty bilen tutuş Ýahudyýanyň ilatyny öjükdirýär. Ol Jelileden başlap, şu ýere çenli geldi» diýdiler.
Выбор основного перевода