Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9
Параллельные места
Emma Reb ysraýyl mallary bilen Müsür mallarynyň arasynda tapawut goýjakdyr, ysraýyllara degişli mallaryň ýekejesi hem ölmez“» diýdi. Diňe ysraýyllaryň ýaşaýan ýeri bolan Goşen topragynda doly ýagmady. Şeýdip, Musa elindäki hasasyny asmana uzatdy we tutuş Müsür ýurdy üç günläp garaňka gaplandy. Olar hatda bir-birlerini hem görüp bilmediler. Üç günläp olaryň hiç biri hiç ýere gozganyp hem bilmedi, emma ähli ysraýyllaryň ýaşaýan ýerinde ýagtylyk boldy. Emma siziň gidip mülk edinjek ýurduňyzda daglar we jülgeler bardyr. Topragy asmandan ýagýan ýagyş suwarýar. Wagtyň geçmegi bilen çeşme gurady, çünki ýurda ýagyş ýaganokdy. Ýagyş ýagmaz ýaly gögi baglanymda ýa-da çekirtgelere ýurduň hasylyny ýuwut diýip buýruk berenimde ýa-da halkymyň arasyna gyrgyn keselini ýollanymda, Meniň adymy göterýän halkym özüni peseldip, dileg edip, Meni agtaryp, öz pis ýollaryndan dönse, şonda Men olary gökden eşidip, günälerini geçip, ýurtlaryny dikelderin. Şonuň üçin ýagmyrlaryň yzy kesildi, ýaz ýagşy ýagmady. Sen bihaýa lola meňzediň, utanjyň nämedigini bilmediň. Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur.
Выбор основного перевода