Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9
Параллельные места
onda Reb meýdandaky mal-garalaryňyzy: atlaryňyzy, eşekleriňizi, düýeleriňizi we dowarlardyr sürüleriňizi gyrgyna berer. Ertesi gün Reb bu işi etdi: müsürlileriň ähli mallary gyryldy, emma ysraýyl mallarynyň ýekejesi hem ölmedi. Ýary gije Reb Müsüriň ähli nowbahar ogullaryny öldürip çykdy. Tagtda oturan faraonyň nowbahar oglundan başlap, zyndanda oturan bendiniň nowbahar ogluna çenli öldürdi, şeýle-de, mallaryň hem ähli ilkinji guzlanlaryny öldürdi. Reb size Müsürde görkezen başly ýaralar bilen: örgün, iriňli ýaralar we gijilewük bilen ejir çekdirer. Siz olardan saplanyp bilmersiňiz. Ol siziň Müsürde wagtyňyz sizi gorkuzan ähli keselleriňizi siziň başyňyzdan inderer. Ol keseller size ornaşyp galar. Şeýdip, Ýehogahazyň diňe elli sany söweş arabaly esgerinden, on söweş arabasyndan we on müň pyýada goşunyndan başga goşuny galmady, çünki Siriýa patyşasy olary harman tozy kimin ýok edipdi. Ol ýol berdi Öz gazabyna: ölümden goramady olaň janyny, mergä berdi ömürlerini. Özüne jeza Berene tarap öwrülmedi halk, Hökmürowan Rebbe tabyn bolmady. Hawa, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men olary jezalandyraryn. Olaryň ýaş ýigitleri gylyçdan geçiriler, oguldyr-gyzlary açlykdan ölerler. Munuň üçin çagalaryny açlyga ber, kesgir gylyja tabşyr. Aýallary perzentsiz dul galsyn, erkeklerini ajal alsyn, ýaş ýigitleri söweşde gylyçdan ölsün. Mowap weýran ediler, şäherleri basylyp alnar. Saýlama ýigitleri öldürilmek üçin iberildi. Muny ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa aýdýar. Men demirgazyk leşgerini sizden uzaklaşdyryp, äkiderin ony suwsuz boş ýere, gündogar deňzine – onuň öňüni, günbatar deňzine – onuň ardyny. Göteriler göge maslyk yslary, elhepus, ol etdi beýik işleri!
Выбор основного перевода