Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9
Параллельные места
Men hem ol adamdan ýüz öwrerin we ony öz halkym hökmünde görmerin. Çünki ol halk Meniň mukaddes öýümi harama çykaryp, Meniň mukaddes adyma ysnat getirip, öz perzendini Molege bagyş etdi. Mätäçleri ýoldan kowýarlar, ýurduň garyplary olardan bukulýarlar. Garyndaş garyndaşyna ýapyşyp, öz urugyndan bolana şeýle diýer: «Egniňde eşigiň bar, sen bize baştutan bol! Bu harabalyklar seniň gol astyňda bolsun». Ejizleriň hakyny iýýärsiňiz, ýoksullary adalatdan mahrum edýärsiňiz, dul hatynlary awlaýarsyňyz, ýetimler oljaňyz bolýar. Kimse goňşusynyň aýaly bilen nejis iş etdi; kimse utanman öz gelni bilen zyna etdi; kimse öz aýal uýasynyň, öz atasynyň gyzynyň namysyna degdi. Çünki Men etmişiňiziň köpdügini, günäleriňiziň çökderdigini bilýärin. Dogruçyla ezýet berip, para alýarsyňyz, kazyýetde mätäji boş gaýtarýarsyňyz. Eşidiň muny, mätäçleri depgiläp ezýänler, ýurduň garyplaryny heläk edýänler! Şoňa görä-de, Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaýyň ady başga milletleriň arasynda siz zerarly harlanýar» diýlip ýazylandyr. Siziň araňyzdaky azgynçylyk barada gürrüň ýaýrady. Bular ýaly azgynlygy hatda butparazlar-da edýän däldir! Siziň biriňiz öz öweý enesi bilen ýatyp-turýarmyşyn.
Выбор основного перевода