Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9
Параллельные места
Eger ildeşiňiň biri halys garyp düşüp, özüni saňa satsa, sen ony gul ýaly işletme. „Gelmişege, ýetime we dul hatyna adalatsyzlyk eden adama nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin. Ysraýyllar Hudaýy Rebbiň sözüne gulak asmandyklary üçin hem-de Onuň ähtinden, Rebbiň guly Musa beren tabşyryklaryndan ýüz öwrendikleri üçin şeýle ýagdaýa düşdüler. Meniň halkym üçin bije atdylar, oglany loly üçin, gyzy şerap içmek üçin satdylar. Garybyň elinden bugdaý hem saman hakyny zorluk bilen alanyňyz üçin, daşdan ýonulan jaýlar gursaňyz-da, siz olarda ýaşamarsyňyz, gözel üzüm baglaryny oturtsaňyz-da, olaryň şerabyny içmersiňiz. Çünki Men etmişiňiziň köpdügini, günäleriňiziň çökderdigini bilýärin. Dogruçyla ezýet berip, para alýarsyňyz, kazyýetde mätäji boş gaýtarýarsyňyz. Bugdaý ýerine onuň kepegini satyp, garyplary kümşe, mätäji bir jübüt çaryga satyn alarys».
Выбор основного перевода