Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2
Параллельные места
Şol günlerde patyşa Natan pygambere: «Seret, men-ä kedr agajyndan gurlan köşkde ýaşaýaryn, Hudaýyň sandygy bolsa bir çadyrda dur» diýdi. Atalarymyzyň Saňa öwgi aýdan ýeri bolan mukaddes hem gözel öýümiz oda ýandy, ähli eziz zatlarymyz haraba öwrüldi. Siz köp hasyla garaşýardyňyz, ýöne ol hasyl az bolup çykdy. Ony öýe getireniňizde, Men ony ýele sowurdym. Näme üçin? Meniň öýümiň haraba öwrülip ýatany üçin! Men muny siziň ähliňiziň diňe öz öýleriňiz bilen gümradygyňyz üçin şeýle etdim. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.
Выбор основного перевода