Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2
Параллельные места
Ýesir edip äkidilen Ýekonýanyň ogullary: Şeýaltyýel, Malkyram, Pedaýa, Şenasar, Ýekamýa, Hoşama we Nedabýa. Pedaýanyň ogullary: Zerubabyl we Şimgi. Zerubabylyň ogullary: Meşullam, Hananýa we Şelomyt olaryň aýal doganydy. Nebukadnesaryň üsti bilen Reb Ýahudanyň we Iýerusalimiň halklaryny sürgün eden döwründe Ýehosadak hem sürgün edildi. Hudaýyň adamy Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly, Ýosadagyň ogly Ýeşuwa beýleki ruhanylar bilen, Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl öz garyndaşlary bilen Ysraýylyň Hudaýyna ýakma gurbanlyklaryny bermek üçin, gurbanlyk sypasyny ýasadylar. Şeýdip, Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüniň dikeldiş işleri togtadyldy. Bu ýagdaý Pars patyşasy Darýuşyň patyşalygynyň ikinji ýylyna çenli dowam etdi. Hagaý pygamber bilen Ydonyň ogly Zakarýa pygamber Ýahudadaky we Iýerusalimdäki ýahudylara Ysraýyl Hudaýynyň adyndan pygamberlik etdiler. Onsoň Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl bilen Ýosadagyň ogly Ýeşuwa dagy Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüni täzeden gurmaga başladylar. Hudaýyň pygamberleri-de olar bilen bolup, olary ruhlandyrdylar. Onsoň Darýuş patyşanyň buýruk bermegi bilen Babyldaky hazynalaryň saklanýan şa arhiwlerinde barlag geçirildi. Madaý welaýatynda ýerleşýän Ekbatana galasyndan bolsa bir kagyz tapyldy. Onda şeýle ýazgy bardy: «Perman: Kureş patyşa öz şalygynyň ilkinji ýylynda Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüniň täzeden gurluşygy barada şeýle buýruk berdi: „Bu öýde sadakalar we ýakma gurbanlyklar berilsin; öýüň beýikligi-de, ini-de altmyş tirsek bolsun. Diwarlarynyň üç hatary ýonulan daşlardan we bir hatary agaçdan örülsin. Harç-harajadyň hemmesi şa hazynasyndan tölensin. Şeýle hem Nebukadnesar tarapyndan Hudaýyň Iýerusalimdäki öýünden alnyp, Babyla getirilen altyndyr kümüş gaplar yzyna eltilip, ýene-de ybadathanada ýerli-ýerinde goýulsyn. Siz olary Hudaýyň öýünde goýmalysyňyz“». Şeýdip, Darýuş patyşa şeýle habar ýollady: «Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky welaýatyň hökümdary Tatenaý, Şetar Bozenaý hem-de ýaranlaryňyz bolan Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky welaýatyň wekilleri, siz öýe golaýlaşmaň. Hudaýyň öýüniň işine päsgel bermäň. Goý, ýahudylaryň häkimi we baştutanlary Hudaýyň bu öýüni öňki ýerinde täzeden gursunlar. Munuň üstesine-de, men size ýahudylaryň baştutanlaryna Hudaýyň bu öýüniň gurulmagy üçin, näme kömek etmelidigiňiz barada perman çykarýaryn. Bu adamlaryň harjy dolulygyna we gijikdirilmän şa hazynasyndan Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň berýän salgydyndan tölensin. Gögüň Hudaýyna ýakma gurbanlyklar bermek üçin öküzçeler, goçlar, guzular we başga-da näme zerur bolsa, bugdaý, duz, şerap, ýag gerek bolsa, Iýerusalimdäki ruhanylaryň isledigiçe her gün hökman berilsin. Şeýdip, olar Gögüň Hudaýyny hoşal edäýjek gurbanlyklary berip, patyşanyň we onuň ogullarynyň janlarynyň saglygy üçin dileg etsinler. Şeýle hem kim şu permana boýun egmese, onuň öýünden pürs sogrulyp, öý eýesini şoňa çişlemegi buýruk berýärin. Onuň öýi bolsa harabalyga öwrülsin. Goý, Iýerusalimi özüne ybadat edilmeli ýer hökmünde saýlan Hudaý, bu permany üýtgetmäge we Hudaýyň bu öýüni ýykmaga synanyşan her bir patyşanydyr halky ýer bilen ýegsan etsin. Men – Darýuş patyşa buýruk berýärin: bu perman janypkeşlik bilen berjaý edilsin!» Onsoň Darýuş patyşanyň iberen hatyna laýyklykda, Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň häkimi Tatenaý, Şetar Bozenaý we olaryň ýaranlary Darýuş patyşanyň permanyny doly berjaý etdiler. Şeýdip, Hagaý pygamber bilen Ydonyň ogly Zakarýanyň pygamberlik etmekleri arkaly, ýahudylaryň baştutanlary ybadathanany gurdular; olaryň işleri ilerledi. Olar Ysraýyl Hudaýynyň emri bilen, Pars patyşalary Kureşiň, Darýuşyň we Artakserksiň permany bilen bu binany gurup gutardylar. Bu öý Adar aýynyň üçüne, Darýuşyň patyşalygynyň altynjy ýylynda gurlup gutaryldy. Darýuş öz patyşalygynyň üstünden ýüz ýigrimi sany häkim bellemegi makul bildi. Olar tutuş patyşalygyň üstünden garamalydylar. Darýuşyň patyşalygynyň ikinji ýylynyň sekizinji aýynda Ydonyň agtygy, Berekýanyň ogly Zakarýa pygamberiň üsti bilen Rebbiň şu sözi aýan boldy: Ýygnan altyn-kümşüňden bir täç ýasap, ony Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwanyň başyna geýdir.
Выбор основного перевода