Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýdip, Öz halkyny Reb aklar, Ol gulda hem, erkinde hem ysgyn-mydar ýokdugyny görende, Öz bendelerine rehim-şepagat eder. Eger daň atýança onuň erkek göbeklisiniň baryny gyrmasam, onda, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin». Şonuň üçin hem Reb şeýle diýýär: „Men seniň başyňdan bela inderip, seniň ýoguňa ýanaryn! Ysraýylda isle gul bolsun, isle-de azat, parhy ýok, Ahabyň erkek nesilleriniň baryny gyraryn. Ýehu Samariýa gelip, Rebbiň Ylýas arkaly aýdan sözüne görä Ahabyň galan tohum-tijiniň baryny iň soňkusyna çenli gyryp ýok etdi. Çünki Reb Ysraýylyň agyr muşakgatyny gördi. Ysraýylda olara kömek berer ýaly gulam, azat adamam galmandy.
Выбор основного перевода