Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma ol: «Şahdan edilen surnaý sesini eşiden badyňyza: „Abşalom Hebronda patyşa boldy!“ diýip yglan edersiňiz» diýen habar bilen Ysraýylyň ähli tireleriniň arasyna gizlin çaparlar ýollady. Sadok ruhany bilen Natan pygamber şol ýerde onuň başyna ýag guýup, ony Ysraýylyň üstünden patyşalyga bellesinler; onsoň surnaý çalyň-da: „Ýaşasyn Süleýman patyşa!“ diýip gygyryň. Sadok ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrdan içi zeýtun ýagly şahy alyp, Süleýmanyň başyna ýag guýdy. Soňra surnaý çalnyp, ähli adamlar: «Ýaşasyn Süleýman patyşa!» diýip gygyryşdylar. Eşek bilen taýhary getirdiler-de, donlaryny olaryň üstüne atdylar, Isa-da taýhara mündi. Köp adamlar donlaryny, käbirleri-de agaçlardan şaha kesip, ýola düşediler.
Выбор основного перевода