Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýahuda patyşasy Ýehoýakyn ejesi, hyzmatkärleri, serkerdeleri we köşk emeldarlary bilen birlikde Babyl patyşasyna tabyn boldular. Babyl patyşasy Ýehoýakyny patyşalygynyň sekizinji ýylynda ýesir aldy. Şonuň üçin hem, Reb Aşur patyşasynyň goşun serkerdelerini olaryň üstüne getirdi. Serkerdeler Manaşany gandallap, zynjyr bilen baglap, Babyla ýesir edip alyp gitdiler. Soňra Nebukadnesar özüniň baş gözegçisi Aşpenaza ysraýyllaryň arasyndan patyşanyň we han-begleriň maşgalasyndan bolan ýigitleriň birnäçesini getirmegi buýurdy. Bu ýaş ýigitler bedenleri hiç hili şikessiz, görmegeý, her bir ylymdan baş çykarýan, bilimli, öwrenmäge ukyply we patyşanyň köşgünde hyzmat etmäge mynasyp bolmalydylar. Olara babyllylaryň edebiýaty we dili öwredilmelidi. Patyşa öz gündelik köşk saçagyndan olara bir paý nahar we şerap bölüp berdi. Olar üç ýyl okadylyp, üçünji ýylyň ahyrynda patyşanyň huzurynda hyzmat etmäge getirilmelidiler. Saýlananlaryň arasynda ýahuda tiresinden Danyýel, Hananýa, Mişaýyl we Azarýa bardy. Baş gözegçi olaryň adyny üýtgetdi. Danyýele Belteşasar, Hananýa Şadrak, Mişaýyla Meýşak, Azarýa Abednego diýip at goýdy.
Выбор основного перевода