Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol döwürde Babyl patyşasy Baladanyň ogly Merodakbaladan Hizkiýa patyşanyň keselländigini we sagalandygyny eşidip, oňa wekillerinden hatlar bilen peşgeş ýollady. Hizkiýa Babyl patyşasynyň wekillerini şatlyk bilen kabul etdi; olara hazynasyndaky kümşüni, altynyny, hoşboý ysly zatlaryny, gymmatbaha ýaglaryny, ýarag gorhanasyny hem-de ammarlaryndaky zatlary görkezdi. Ol köşgündäki we bütin patyşalygyndaky zatlaryň baryny wekillere görkezdi. Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýa patyşanyň ýanyna gelip, ondan: «Bu adamlar saňa näme diýdiler? Olar seniň ýanyňa nireden geldiler?» diýip sorady. Hizkiýa hem: «Olar uzak ýurt Babyldan geldiler» diýip jogap berdi. Işaýa: «Olar seniň köşgüňde nämeler gördüler?» diýip, Hizkiýadan sorady. Hizkiýa: «Olar meniň köşgümdäki zatlaryň ählisini gördüler. Ammarlarymda olara görkezilmedik zadym galmady» diýip jogap berdi. Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýa şeýle diýdi: «Hökmürowan Rebbiň sözüni eşit: „Bir gün seniň köşgüňdäki zatlaryň hemmesi we ata-babalaryňyň tä şu güne çenli ýygnan zatlarynyň bary Babyla äkidiler, ýekeje zat hem galdyrylmaz. Seniň öz bagryňdan önen ogullaryň Babyla sürgün edilip, şol ýerde patyşanyň köşgünde agtalar bolarlar“». Onsoň Hizkiýa Işaýa pygambere: «Rebbiň seniň üstüň bilen aýdan sözi ýagşy sözdür» diýdi. Hizkiýa: «Meniň döwrümde asudalyk we howpsuzlyk bolar» diýip pikir edýärdi. Ine, Babyl hökümdarlarynyň ýurtda bolan alamat hakynda soramak üçin Hizkiýanyň ýanyna iberen ilçileri gelende, Hudaý Hizkiýany synap, onuň ýüreginde bolan bar zady bilmek üçin ony ýeke galdyrdy.
Выбор основного перевода