Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Aşur patyşasy Şalmaneser Hoşeýa garşy hüjüm etdi. Hoşeýa Şalmanesere tabyn bolup, oňa salgyt töledi. Emma Aşur patyşasy Hoşeýanyň dönüklik edýänini gördi, çünki Hoşeýa Müsür patyşasy Sonuň ýanyna çaparlar ýollapdy hem-de ol her ýylkysy ýaly Aşur patyşasyna tölemeli salgydyny tölemändi. Şonuň üçin hem Aşur patyşasy ony tutup tussaghana saldy. Soňra Aşur patyşasy tutuş ýurdy eýeläp, Samariýa bardy we üç ýyllap onuň daşyny gabady. Hoşeýanyň şalygynyň dokuzynjy ýylynda Aşur patyşasy Samariýany basyp alyp, ysraýyllary Aşura ýesir edip äkitdi we olary Halada, Habor derýasynyň ýakasyndaky Gozanda we Madaý galalarynda ýerleşdirdi. Bu ysraýyl halkynyň özüni Müsür patyşasy faraonyň golastyndan azat edip, Müsürden çykaran Hudaýy Rebbiň garşysyna günä edendigi we başga hudaýlara sežde edendigi üçin şeýle boldy.
Выбор основного перевода