Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hizkiýanyň eden wepaly işlerinden soň, Aşur patyşasy Sanherip gelip, Ýahuda çozuş edip, galalaryň garşysynda düşelge gurup, olary ele almagy ýüregine düwdi. Hizkiýa Sanheribiň gelip, Iýerusalime garşy uruş etmekçi bolýandygyny görende, şäheriň daşyndaky çeşmeleriň suwuny bentlemek barada öz baştutanlary we batyr ýigitleri bilen maslahatlaşdy. Olar Hizkiýa ýardam etdiler. Hizkiýa Sanheribiň gelip, Iýerusalime garşy uruş etmekçi bolýandygyny görende, şäheriň daşyndaky çeşmeleriň suwuny bentlemek barada öz baştutanlary we batyr ýigitleri bilen maslahatlaşdy. Olar Hizkiýa ýardam etdiler. Köp halk toplanyp: «Näme üçin Aşur patyşalary gelip, bol suw tapmalymyşyn?» diýip, ýurduň içinden akyp geçýän ähli çeşmedir akarlary bentlediler. Şeýdip, Hizkiýa kuwwatlanyp, diwaryň ähli ýykylan ýerlerini bejerip, onuň üstünde diňler galdyrdy. Daşyndan ol ýene-de başga bir diwar gurdy. Bulardan başga-da Hizkiýa Dawut galasyndaky Millony berkidip, köp mukdarda ýaraglardyr galkanlar ýasatdy. Hizkiýa halkyň üstünden uruş serkerdelerini belläp, olary öz ýanyna, şäher derwezesiniň meýdançasyna ýygnap, şeýle diýdi: «Dözümli we mert boluň. Aşur patyşasyndan gorkmaň, heder etmäň, çünki biziň bilen Bolýan onuň bilen bolýandan has güýçlüdir. Hizkiýa halkyň üstünden uruş serkerdelerini belläp, olary öz ýanyna, şäher derwezesiniň meýdançasyna ýygnap, şeýle diýdi: «Dözümli we mert boluň. Aşur patyşasyndan gorkmaň, heder etmäň, çünki biziň bilen Bolýan onuň bilen bolýandan has güýçlüdir. Aşur patyşasy ynsan güýji bilendir, emma biziň bilen Hudaýymyz Rebdir. Ol bize ýardam edip, biziň üçin söweşer». Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň sözleri halky ruhlandyrdy. Mundan soň Aşur patyşasy Sanherip tutuş goşuny bilen Lakyşdaka, nökerlerini Iýerusalimdäki Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň we bütin ýahuda halkynyň ýanyna iberdi. Nökerler gelip, Aşur patyşasy Sanherip şeýle diýýär: «Siz näme üçin Iýerusalimde gabaw içinde otyrsyňyz? Nämä bil baglaýarsyňyz? Hizkiýa: „Hudaýymyz Reb bizi Aşur patyşasynyň elinden halas eder“ diýip, sizi açlykdan we suwsuzlykdan öldürjek bolup aldaýar. Ýahuda we Iýerusalime ýüzlenip: „Siz diňe bir gurbanlyk sypanyň öňünde sežde edip, şonuň üstünde gurbanlyk ýakyň“ diýip, Rebbe bagyş eden seždegähleri, gurbanlyk sypalaryny ýykan şu Hizkiýa dälmi näme? Ähli ýurtlaryň halklaryna meniň we ata-babalarymyň näme edenini bilmeýärsiňizmi? Şol ýurtlaryň milletleriniň hudaýlary öz ýurtlaryny meniň elimden halas edip bildilermi? Hudaýyňyzyň sizi meniň elimden halas edip biler ýaly, ata-babalarymyň bütinleý ýok eden şol milletleriniň ähli taňrylarynyň arasynda haýsysy öz halkyny meniň elimden halas edip bildi? Indi siz özüňizi Hizkiýa aldatmaň, oňa özüňizi şu ýol bilen azaşdyrmaga ýol bermäň we oňa ynanmaň. Çünki hiç bir milletiň ýa-da patyşalygyň taňrysy öz halkyny meniň we ata-babalarymyň elinden halas edip bilen däldir. Siziň Hudaýyňyz-da sizi meniň elimden halas edip bilmez!» diýdiler. Sanheribiň nökerleri Beýik Hudaýa we Onuň guly Hizkiýa garşy sözlerini dowam etdirdiler. Sanherip Ysraýyl Hudaýy Rebbe dil ýetirip ýazan hatlarynda Rebbe garşy şeýle diýdi: «Beýleki milletleriň taňrylarynyň öz halklaryny meniň elimden halas etmeýişleri ýaly, Hizkiýanyň Hudaýy hem Öz halkyny meniň elimden halas etmez». Sanheribiň nökerleri bu sözleri diwaryň üstündäki Iýerusalim halkyny gorkuzyp, howsala düşürip, şäheri basyp almak üçin olara ýahuda dilinde gaty ses bilen gygyryp aýtdylar. Olar Iýerusalimde mesgen tutýan Hudaýy hakda-da dünýä halklarynyň ynsan eli bilen ýasalan hudaýlary hakda sözleýişleri ýaly sözlediler. Onsoň Hizkiýa patyşa bilen Amozyň ogly Işaýa pygamber munuň üçin dileg edip, Hudaýa perýat etdiler. Hizkiýa patyşanyň şalygynyň on dördünji ýylynda Aşur patyşasy Sanherip Ýahudanyň ähli galalaryna garşy hüjüm edip, olary basyp aldy. Aşur patyşasy baş wezirini uly goşun bilen Lakyşdan Iýerusalime Hizkiýa patyşanyň ýanyna iberdi. Ol gelip, Çyrpyjy meýdanynyň ýolundaky ýokarky howdanyň ýanyndaky ýabyň ýanynda durdy. Köşgi dolandyryjy Hilkiýanyň ogly Elýakym, Şebna kätip we Asafyň ogly Ýowa – patyşanyň baş emeldary, olaryň ýanyna bardylar. Baş wezir olara Hizkiýa şeýle diýiň diýdi: «Beýik Aşur patyşasy şeýle diýýär: „Sen nämä bil baglaýarsyň? Sen harby ukybyň we güýç-kuwwatyň gürrüňini edýärsiň, emma olar boş sözlerdir. Sen kime bil baglap, meniň garşyma gozgalaň turuzdyň? Ine, sen döwük gamyş kysmy Müsüre bil baglaýarsyň. Emma kim şol döwük gamşa hasa hökmünde söýense, şonuň eline batar. Müsür patyşasy faraon hem özüne bil baglaýanlaryň hemmesi üçin-de şeýledir. Eger sen maňa: ‘Biz Hudaýymyz Rebbe bil baglaýarys’ diýseň, onda Hizkiýanyň Ýahuda we Iýerusalime ýüzlenip: ‘Siz Iýerusalimde şu gurbanlyk sypasynyň öňünde sežde ediň’ diýip, onuň ýykan seždegähleri, gurbanlyk sypalary Hudaýyňky dälmi näme? Indi gel-de, meniň jenabym Aşur patyşasy bilen bäsleş. Eger-de men size iki müň sany at bersem, siz olara münmäge şonça adam tapyp bilersiňizmi? Onsoň siz nädip jenabymyň iň pes derejeli serkerdesini ýeňip biljek? Siz söweş arabalary we atlylary bar diýip, Müsüre bil baglaýarsyňyzmy? Munuň üstesine-de, siz meni bu ýurdy weýran etmäge Rebden rugsatsyz gelendir öýdýärsiňizmi? Reb maňa şu ýurduň üstüne çoz-da, ony derbi-dagyn et diýdi“». Onsoň Elýakym, Şebna we Ýowa baş wezire şeýle diýdiler: «Haýyş edýäris, biz gullaryň bilen öz düşünýän dilimizde – arameýçe gürleş. Biziň bilen ýahudalaryň dilinde gürleşme, diwaryň üstündäki adamlar diňläp durlar». Emma baş wezir olara şeýle jogap berdi: «Jenabym meni bu sözleri diňe jenabyňyza we size aýtmak üçin ýolladymy näme? Diwaryň üstünde oturan adamlara aýtmak üçin hem ýollamadymy eýsem? Olar hem siziň ýaly öz täretlerini iýip, öz peşewlerini içerler». Onsoň baş wezir dik durup, bar sesi bilen gygyryp, ýahuda dilinde gepledi. Ol: «Beýik patyşa bolan Aşur patyşasynyň sözlerini diňläň. Patyşa şeýle diýýär: „Hizkiýa özüňizi aldatmaň, ol sizi halas edip bilmez“. Hizkiýa: „Reb bizi hökman halas eder we bu şäher Aşur patyşasynyň eline berilmez“ diýip, size Rebbe bil baglatmasyn. Hizkiýa gulak asmaň! Aşur patyşasy şeýle diýýär: „Meniň bilen ýaraşyk ediň-de, meniň ýanyma geliň. Şonda her kim öz üzümçiliginiň hem-de injir daragtynyň miwesinden iýip, öz guýusyndan suw içer. Soňra men gelip, sizi öz ýurduňyza meňzeş bir ýurda alyp bararyn. Ol ýer bugdaý, şerap, çörek, üzümlik mekanydyr“. Hizkiýanyň: „Reb bizi halas eder“ diýip, aldamakçy bolýan sözlerine gulak asmaň. Haýsy milletleriň hudaýlary öz ýurduny Aşur patyşasynyň elinden halas edipdir? Hamadyň, Arpadyň hudaýlary nirede? Separwaýymyň hudaýlary nirede? Samariýanyň hudaýlary olary meniň elimden halas etdilermi? Rebbiň Iýerusalimi meniň elimden halas ederi ýaly, bu hudaýlaryň arasynda öz ýurtlaryny meniň elimden halas edeni barmy?» Emma halkdan ses çykmady, oňa jogap gaýtaran bolmady, çünki Hizkiýa patyşa: «Oňa jogap gaýtarmaň» diýip tabşyrypdy. Şeýdip, köşgi dolandyryjy Hilkiýanyň ogly Elýakym, Şebna kätip we Asafyň ogly Ýowa – patyşanyň baş emeldary dagy ýakalaryny ýyrtyp, Hizkiýanyň ýanyna gelip, oňa baş weziriň sözlerini aýdyp berdiler.
Выбор основного перевода