Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ahaz Rebbiň öýüni, patyşanyň köşgüni we emeldarlaryň öýlerini talap, olardan Aşur patyşasyna salgyt töledi; emma bu Ahaza kömek etmedi. Reb şeýle diýýär: «Men damasklylary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki demir dişli döweklerde gilgat halkyny ýençdiler olar. Muňa görä Hazaýylyň köşgüne ot ýagdyraryn, ot Benhadadyň galalaryny ýakyp kül eder. Damaskyň derwezesiniň kiltlerini döwerin, Awen jülgesiniň hökümdaryny, Beýtedende eli şa hasaly hökümdary ýok ederin. Siriýa halky Kir ýurduna ýesir edip äkidiler». Muny Reb aýdýandyr. Men gurbanlyk sypasynyň ýanynda Rebbiň duranyny gördüm. Reb şeýle buýruk berdi: «Ybadathana söýeleri sarsýança, sütünleriň başyna ur, olary ähli ynsanyň depesinden inder. Diri galanlaryny gylyçdan geçirerin, hiç biri gaçyp-da, gutulyp-da bilmez.
Выбор основного перевода