Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol döwürde Reb Siriýa patyşasy Resini, Remalýanyň ogly Pekany Ýahudanyň garşysyna goýberip başlady. Resin Siriýanyň patyşasydy; Remalýanyň ogly Peka Ysraýylyň patyşasydy. Olar Iýerusalime garşy uruş etmäge çykdylar, ýöne oňa garşy söweş edip bilmediler. Şol döwürde Uzyýanyň agtygy, Ýotamyň ogly Ahaz Ýahudanyň patyşasydy. Şonuň üçin hem Hudaýy Reb Ahazy Siriýa patyşasynyň eline berdi. Siriýa patyşasy Ahazdan üstün çykyp, onuň köp sanly adamlaryny ýesir alyp, olary Damaska getirdi. Ol Ysraýyl patyşasynyň hem eline berildi. Ysraýyl patyşasy Ahaza agyr zarba urdy. Remalýanyň ogly Peka Ýahudada bir ýüz ýigrimi müň edermen esgeri bir günde öldürdi, çünki olar ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi terk edipdiler.
Выбор основного перевода