Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Günlerde bir gün agaçlar özlerine patyşa saýlamakçy boldular. Olar zeýtun agajyna ýüzlenip: „Bize patyşa bol“ diýipdirler. Zeýtun olara: „Men hudaýlara we adamlara berýän hezzetli ýagymy taşlap, başga agaçlaryň üstünden höküm sürmäge giderinmi?“ diýip jogap beripdir. Soňra agaçlar injir agajyna: „Gel-de, sen bize patyşa bol“ diýip ýüz tutupdyrlar. Injir olara: „Men özümiň şirin-şeker iýmişimi taşlap, agaçlaryň üstünden höküm sürmäge giderinmi?“ diýip jogap beripdir. Soň olar üzüm agajyna: „Gel-de, biziň üstümizden patyşalyk et“ diýipdirler. Üzüm agajy olara: „Men näme hudaýlaryň we adamlaryň göwnüni göterýän şirin-şerbetimi taşlap, agaçlaryň üstünden höküm sürmäge giderinmi?“ diýip jogap beripdir. Iň soňunda ähli agaçlar tikenli agaja: „Bize sen patyşa bolaý“ diýipdirler. Tikenli agaç beýleki agaçlara bakyp: „Eger siz meniň, hakykatdan hem, özüňize patyşa bolmagymy isleýän bolsaňyz, onda meniň saýamda bukulyň. Eger şeýtmeseňiz, onda tikenli agaçdan ot çykyp, Liwanyň kedr agaçlaryny ýakyp-ýandyrar“ diýipdir.
Выбор основного перевода