Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Amazýa patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde ýigrimi dokuz ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi iýerusalimli bolup, ady Ýehogadyndy. Amazýa Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi, ýöne bu çyn ýürekden däldi. Amazýa patyşalygyny kuwwatlandyryp, öz kakasyny öldüren nökerleri öldürdi. Emma Musanyň Töwratda berlen tabşyryklary berjaý edip, Amazýa kakasyny öldüren nökerleriň çagalaryny öldürmedi, çünki Reb şol kitapda: «Ene-atalar çagalarynyň günäsi üçin öldürilmesin, çagalar-da ene-atalarynyň günäleri üçin öldürilmesin, her kim öz günäsi üçin öldürilsin» diýip tabşyryk beripdi. Bu işi eden Ýowaşyň emeldarlary Şimgatyň ogly Ýozabat bilen Şomeriň ogly Ýehozabatdy. Ýowaş dünýäden ötdi we Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Amazýa patyşa boldy. Ýahuda patyşasy Ýowaşyň şalygynyň otuz ýedinji ýylynda Ýehogahazyň ogly Ýehowaş Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada on alty ýyl şalyk sürdi.
Выбор основного перевода