Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Adam öldürme. Öz araňyzdan Rebbe sadaka ýygnaň. Her kim göwnünden çykaran şu zatlary Rebbe sadaka bersin: altyn, kümüş we bürünç; «Baş ruhany Hilkiýanyň ýanyna bar-da, oňa gapy sakçylarynyň halkdan ýygnap, Rebbiň öýüne getiren kümşüniň baryny sana diý. Üstesine-de, Hudaýymyň öýüne bolan söýgim sebäpli, mukaddes ybadathana üçin şu taýýarlan zatlarymdan daşary meniň öz hususy altyn hem kümüş hazynam bar. Men şony-da Hudaýymyň öýüne berdim. Ol bäş müň batman Opyr altynyndan, ybadathananyň diwarlarynyň ýüzüne çaýar ýaly on iki müň batman ýokary hilli kümüşden ybaratdyr. Hünärmentleriň etjek her işi üçin, altyn zatlar üçin altyn, kümüş zatlar üçin kümüş berýärin. Kim bu gün meýletinlik bilen zat hödür edip, özüni Rebbe bagyş etjek?» Soňra urugbaşylardyr tire baştutanlary, müňbaşylardyr ýüzbaşylar, şa gullugyndaky baştutanlar meýletin gurbanlyklar berdiler. Olar Hudaýyň ybadathanasynyň hyzmaty üçin sekiz müň bäş ýüz dört batman altyn, on ýedi müň batman kümüş, otuz müň batman bürünç hem-de bir ýüz ýetmiş müň batman demir berdiler. Kimde gymmatbaha daşlar bar bolsa, olary Rebbiň ybadathanasynyň hazynasy üçin gerşon urugyndan Ýehiýele tabşyrdylar. Adamlar gaty şatlandylar, çünki olar Rebbe beren zatlaryny meýletinlik bilen, çyn ýürekden beripdiler. Dawut patyşa hem gaty şatlandy.
Выбор основного перевода