Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýdip, Süleýman Rebbiň öýündäki ähli enjamlary: altyndan edilen sypany, üstünde Rebbe hödür çöregi goýulýan altyn hantagtasyny, içki otagyň öňünde bäşisi günortada, bäşisi demirgazykda goýlan sap altyn çyradanlary, gülleri, çyralary, ätişgirleri, käseleri, müçenekleri, legenleri, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin ulanylýan gaplary, maňňallary, öýüň içki otagynyň, ýagny iň mukaddes otagyň hem-de öýüň mukaddes otagynyň gapylary üçin altyn petleleri ýasady. Olar işi tamamlanlaryndan soň, galan puly patyşa we Ýehoýada ruhana getirip berdiler. Galan puldan Rebbiň öýi üçin enjamlary, hyzmat üçin we ýakma gurbanlyk bermek üçin enjamlar, jamlar, altyn we kümüş esbaplar ýasadylar. Olar Ýehoýadanyň ömrüniň dowamynda hemişe Rebbiň öýünde ýakma gurbanlyklar hödür etdiler.
Выбор основного перевода