Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýedinji ýylda Ýehoýada ruhany Kari goşunynyň ýüzbaşylaryny we köşk garawullaryny öz ýanyna Rebbiň öýüne çagyrdy. Onsoň Ýehoýada şol ýerde olar bilen äht edişdi we olara ant içirip, soň Ahazýa patyşanyň ogly Ýowaşy olara görkezdi. Beýleki üçden biriňiz Sur derwezesini garawullaň. Üçünji bölegiňiz bolsa derwezede beýleki garawullaryň arka tarapynda nobatma-nobat garawulçylyk ediň.
Выбор основного перевода