Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olaryň gurbanlyk sypalaryny ýumrup taşlaň, dikme daşlaryny döwüp, Aşera butlaryny oda ýakyň. Olaryň hudaýlarynyň butlaryny parçalap, olaryň adyny ol ýerden ýok ediň. Ýehu tutuş Ysraýyla habar ýollady. Bagala sežde edýän ähli kişiler geldi, gelmän galan ýekeje adam hem ýokdy. Gelen adamlaryň bary Bagalyň buthanasyna girdi. Buthana tä bosagasyna çenli adamdan doldy. Onsoň Ýehu Rekabyň ogly Ýonadap bilen Bagalyň buthanasyna girdi. Ýehu Bagala sežde edýänlere ýüzlenip: «Töweregiňize seredip görüň, araňyzda Rebbe sežde edýänlerden hiç kim bolmasyn, diňe Bagala sežde edýänler bolsun» diýdi. Şol ýerde olar Bagalyň buthanasyndaky dikme daşy daşary çykaryp, ony kül-owram etdiler. Olar Bagalyň dikme daşyny ýykdylar. Bagalyň buthanasyny ýykyp, ony hajathana öwürdiler. Ol şu güne çenli hem şeýledir. Onsoň bütin halk Bagalyň buthanasyna baryp, ony ýykdy. Ondaky gurbanlyk sypalaryny, butlary döwüp, bölek-bölek edip taşladylar. Olar Bagalyň ruhanysy Mattany gurbanlyk sypalarynyň öňünde öldürdiler.
Выбор основного перевода