Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol öýüň arka tarapynda, düýbünden depesine çenli kedr agaçlaryndan beýikligi ýigrimi tirsek bolan diwar bina etdi. Ol muny iň mukaddes otag bolan içki otag hökmünde gurdy. Ol öýüň töründe Rebbiň Äht sandygyny goýar ýaly içki otag taýýarlady. Içki otagyň uzynlygy-da, ini-de, boýy-da ýigrimi tirsekdi, oňa sap altyn çaýylandy. Ol şeýle hem kedr agajyndan ýasalan sypa-da altyn çaýdy. Süleýman Rebbiň öýüniň içini sap altyn bilen örtdi; içki otagyň öňünden altyn zynjyrlar gerip, ony-da altyna gaplady. Süleýman içki otaga zeýtun agajyndan gapylar ýasady. Gapylaryň germewleri we söýeleri bäş burçlydy. Hudaýyň öýüniň diwaryny ölçedi, onuň galyňlygy alty tirsekdi; onuň tutuş daş-töweregindäki gapdal otaglarynyň ini dört tirsekdi. Otag üstünde otag bolup, gapdal otaglar üç gatdy we her gatda otuz otag bardy. Pürsler öýüň diwarlaryna girmesin diýip, öýüň diwarlarynda gapdal otaglara goldaw berýän çykgytlar bardy.
Выбор основного перевода