Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men olaryň arasynda ýaşar ýaly, Maňa mukaddes öý gursunlar. Dözümli we mert boluň! Olardan gorkmaň, dowla düşmäň, sebäbi siziň bilen gitjek hut Hudaýyňyz Rebbiň Özüdir. Ol sizi hiç wagt ýeke taşlamaz, terk etmez». Rebbiň Özi seniň öňüňden gider. Ol seniň bilen bolar. Ol seni hiç wagt ýeke taşlamaz, terk etmez. Gorkma we dowla düşme!» Ömrüňiň bütin dowamynda hiç kim seniň garşyňda durup bilmez. Musa bilen bolşum ýaly, Men seniň bilen hem bile bolaryn. Senden hiç wagt bir ädim-de daşlaşmaryn, hiç wagt seni ýeke taşlamaryn. Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Meniň tagtymyň we aýak dabanymyň ýeri, ysraýyl halkynyň arasynda ebedilik oturjak ýerim bu ýerdir. Mundan beýläk ysraýyl halky-da, olaryň patyşalary-da zyna edip, seždegählerinde patyşalarynyň heýkellerini oturtmak bilen Meniň mukaddes adymy haram etmezler. Men tagtdan batly bir sesiň şeýle diýenini eşitdim: «Hudaýyň mesgeni indi ynsanlaryň arasyndadyr! Ol indi ynsanlaryň arasynda mesgen tutar. Olar Onuň halky bolarlar, Ol hem olar bilen bolup, olaryň Hudaýy bolar.
Выбор основного перевода