Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra demirgazykda Dandaky, günortada Beýerşebadaky we gündogarda Gilgatdaky ähli ysraýyllar bu çagyryşa jogap berdiler. Olaryň hemmesi bir adam ýaly bolup, Mispada Rebbiň huzurynda ýygnanyşdylar. Reb Şawulyň elinden patyşalygy aljakdygyna, Dandan Beýerşeba çenli uzalýan Ysraýylda hem Ýahudada Dawudyň patyşalygyny berkarar etjekdigine ant içdi. Indi ol hakda aýdylany ýerine ýetirmesem, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondanam beterini görkezsin». Onuň döwründe Ýahuda halas bolar, Ysraýyl howpsuz ýaşar. Ony: ‘Reb – biziň Hakperwerimizdir!’ diýip atlandyrarlar. Her kes öz üzüm, injir baglarynyň saýasynda oturar, olary hiç kim gorkuzmaz, çünki Hökmürowan Rebbiň Özi aýtdy. Şol gün siz biri-biriňizi üzüm hem-de injir agaçlaryňyzyň aşagyna oturmaga çagyrarsyňyz. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr“». Süleýman söweş arabalary bilen arabaly esgerleri toplady; onuň bir müň dört ýüz söweş arabasy, on iki müň söweş arabaly esgerleri bardy. Süleýman olaryň birnäçesini öz ýanynda Iýerusalimde, galanlaryny bolsa söweş arabalarynyň saklanýan galalarynda ýerleşdirdi. Süleýman söweş arabalary bilen arabaly esgerleri toplady. Onuň bir müň dört ýüz söweş arabasy, on iki müň söweş arabaly esgeri bardy. Süleýman olaryň birnäçesini öz ýanynda Iýerusalimde, galanlaryny bolsa söweş arabalarynyň saklanýan galalarynda ýerleşdirdi. Süleýmanyň atlar bilen söweş arabalary üçin dört müň athanasy bardy, on iki müň arabaly esgerleri bardy. Süleýman olaryň birnäçesini öz ýanynda – Iýerusalimde, galanlaryny bolsa söweş arabalarynyň saklanýan galalarynda ýerleşdirdi.
Выбор основного перевода