Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Müsür derýasyndan tä beýik Ýewfrat derýasyna çenli uzalyp gidýän şu ýurdy: keýnleriň, kenizleriň, kadmonlaryň, hetleriň, perizleriň, rapalaryň, amorlaryň, kenganlaryň, girgaşlaryň we ýabuslaryň ýaşaýan ýurduny Men seniň nesliňe berýändirin» diýip, hut şol gün Reb Ybram bilen äht edişdi. Gyzyl deňizden piliştlileriň deňzine çenli we çölden Ýewfrat derýasyna çenli araçäkleriňizi bellejek. Çünki olaryň ýaşaýjylaryny siziň eliňize berjek. Siz olary kowup çykaryň. Günortadaky çölden başlap, demirgazykdaky Liwan daglaryna çenli, hetleriň tutuş ülkesi, gündogardaky beýik Ýewfrat derýasyndan günbatardaky Ortaýer deňzine çenli ýerler siziňki bolar. Süleýman Ýewfrat derýasyndan piliştlileriň ýurduna we Müsür serhedine çenli aralykda bolan ähli patyşalaryň üstünden höküm sürdi. Hudaý öňden belläpdi güýç-kuwwatyňy, eý, Hudaý, biziň üçin edenleriňi Sen berkit! Deňizden-deňze, Ýewfrat derýasyndan ýeriň uçlaryna çenli, goý, ol öz hökümini ýöretsin. Tarşyş şalary we deňiz ýakasyndakylar oňa paç-hyraç tölesin, Şeba we Seba şalary sowgat getirsin. Oňa ähli şalar, goý, tagzym etsin, oňa ähli milletler, goý, hyzmat etsin.
Выбор основного перевода