Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaýyň emri bilen Şekemiň ilaty Abymelegiň garşysyna gidip başlady. Rebbiň Ruhy Şawuldan aýryldy. Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah ony gorkuzýardy. Ertesi Hudaý tarapyndan iberilen jyn-arwah çaltlyk bilen Şawulyň kalbyna girdi. Ol öz öýünde arlamaga başlady. Dawut hemişekisi ýaly lira çalyp otyrdy. Şawulyň elinde naýza bardy. Bir gün Şawul eli naýzaly öz öýünde otyrdy, Dawudam oňa saz çalyp berýärdi. Birden Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah Şawulyň üstüne indi. Eger bir pygamber aldanyp, bir söz aýtsa, ol pygamberi aldawa salan Men-Rebdirin. Men oňa garşy elimi uzadyp, ony halkym Ysraýylyň içinden sogrup taşlaryn. Şonuň üçin-de Hudaý olary aldaýan bir güýje tabşyrýar. Olar-da bu aldawa ynanýarlar.
Выбор основного перевода