Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol ilkinji doglan öküz ýaly haýbatlydyr, ýabany öküziňki kimindir onuň şahlary. Bir şahy Efraýymyň on müňüsidir, beýlekisi Manaşanyň müňüsidir. Ol halklary şahlary bilen süser, ýeriň ol ujuna çenli olary kowar». Reb maňa şeýle diýdi: «Agaçdan bir boýuntyryk ýasap, tanap bilen ony boýnuňa dak. Soňra men seredip durkam, dört sany şah gördüm. Özüm bilen gepleşen perişdeden: «Bular näme?» diýip soradym. Ol: «Bular Ýahudany, Ysraýyly hem-de Iýerusalimi dargadan şahlar» diýip jogap berdi. Soňra Reb maňa dört ussany görkezdi. Men: «Olar näme üçin geldiler?» diýip soradym. Reb maňa: «Bu şahlar ýahuda halkynyň içinden ýekejesi-de baş galdyrmaz ýaly, olary dargatdylar. Ýöne bu ussalar şahlara howp salyp, olary döwmäge geldiler. Sebäbi bu şahlar Ýahudanyň garşysyna hüjüm edip, onuň halkyny dargatdylar» diýip jogap berdi.
Выбор основного перевода