Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýdip, halk günä etdi. Halk sežde etmek üçin Beýteldäki we Dandaky altyn göläniň ýanyna uzak ýere gitdiler. Şonuň üçin hem Men Ýarobgamyň nesilleriniň başyndan betbagtçylyk indererin. Isle azat bolsun, isle gul, parhy ýok, Ýarobgamyň neslinden bolan Ysraýyldaky her bir erkegi bütinleý ýok ederin. Dersiň syrylyp-süpürilip taşlanyşy ýaly, Men Ýarobgamyň nesilleriniň baryny iň soňkusyna çenli bütinleý ýok ederin. Reb Ysraýyly Dawudyň nesilleriniň elinden alandan soň, ysraýyllar Nebadyň ogly Ýarobgamy patyşa etdiler. Ýarobgam ysraýyllary Rebbiň ýolundan azaşdyryp, olara uly günäler etdirdi.
Выбор основного перевода