Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýarobgam sekizinji aýyň on bäşine Ýahudadaky geçirilen baýram ýaly baýram edip, gurbanlyk sypasynda gurbanlyk berdi. Ol öz ýasan gölelerine gurbanlyklar hödür etmek üçin, Beýtelde hem şeýle etdi. Onsoň ol Beýtelde öz guran seždegählerine ruhanylar belledi. Ýarobgam öz saýlan aýy bolan sekizinji aýyň on bäşine Beýtelde diken gurbanlyk sypasynyň ýanyna gitdi. Ol ysraýyl halky üçin baýram edip, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin gurbanlyk sypanyň ýanyna geldi. Onsoň Ýoşyýa patyşa gala adamlaryndan: «Meniň bu görýän heýkelim näme?» diýip sorady. Olar oňa: «Bu Ýahudadan gelen hem-de seniň Beýteldäki gurbanlyk sypasynyň garşysyna eden işleriň barada pygamberlik eden Hudaýyň adamynyň gabrydyr» diýip jogap berdiler.
Выбор основного перевода