Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Süleýman söweş arabalary bilen arabaly esgerleri toplady. Onuň bir müň dört ýüz söweş arabasy, on iki müň söweş arabaly esgeri bardy. Süleýman olaryň birnäçesini öz ýanynda Iýerusalimde, galanlaryny bolsa söweş arabalarynyň saklanýan galalarynda ýerleşdirdi. Patyşa Iýerusalimde kümüş bilen altyny daşlar bilen deň etdi, kedr agajyny bolsa günbatar baýyrlykda gögerýän ýabany injir agajy kimin köpeltdi. Süleýmanyň atlary Müsürden we Keweden getirildi; patyşanyň täjirleri olary Keweden belli bir baha satyn aldylar. Müsürden getirilýän söweş arabasynyň her biri on ýedi gadak töweregi kümşe, her bir at bolsa dört gadakdan gowrak kümşe satyn alyndy. Şeýdip, bu söweş arabalary we atlar Süleýmanyň täjirleriniň üsti bilen bütin hetleriň we Siriýanyň şalaryna satylýardy. Şeýle hem Süleýmanyň söweş arabalaryna goşulýan atlary üçin kyrk müň sany at ýatagy, on iki müň atlysy bardy. Şundan soň Süleýman Gezeri, aşaky Beýthorony, Bagalaty, Ýahuda çöllüginde bolan Tadmory, özüniň ähli ammar galalaryny, söweş arabalarynyň saklanýan galalaryny, söweş arabaly goşunyň saklanýan galalaryny täzeden gurdy. Mundan başga-da, Iýerusalimde, Liwanda hem-de öz golastyndaky ýerleriň ählisinde gurmaga meýil eden zatlarynyň baryny gurdurdy. Süleýmanyň atlar bilen söweş arabalary üçin dört müň athanasy bardy, on iki müň arabaly esgerleri bardy. Süleýman olaryň birnäçesini öz ýanynda – Iýerusalimde, galanlaryny bolsa söweş arabalarynyň saklanýan galalarynda ýerleşdirdi.
Выбор основного перевода