Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Süleýman patyşa Edom ýurdunda, Gyzyl deňziň kenarynda, Eýlatyň golaýynda bolan Esýongeberde gämiler ýasady. Hiram öz emeldarlaryny Süleýmanyň emeldarlary bilen bile deňze belet bolan gämiçiler bilen iberdi. Olar Opyra gidip, ol ýerden ýedi ýüz on batman töweregi altyn alyp, ony Süleýman patyşa getirip berdiler. Opyrdan altyn getirer ýaly Ýehoşapadyň deňiz gämileri bardy, ýöne olar Opyra ýetip bilmediler, çünki Esýongebere gelenlerinde, olaryň gämileri çagşady. Ýehoşapat Tarşyşa gidýän gämileri ýasamak üçin Ahazýa goşuldy. Olar gämileri Esýongeberde ýasadylar. Tarşyş gämileriniň baryny, owadan gaýyklaryň hemmesini ýok eder. Sur hakyndaky pygamberlik: Eý, Tarşyş gämileri, Sur weýran boldy, perýat ediň! öýsüz-öwzarsyz galdy ol. Kiprden size habar geldi. Tarşyşa geçiň, eý, adalylar, perýat ediň!
Выбор основного перевода