Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Süleýmanyň ähli galan we eden işleri hem-de akyl-paýhasy barada «Süleýmanyň işleri» diýen kitapda ýazylandyr. Süleýman Iýerusalimde bütin Ysraýyla kyrk ýyl patyşalyk etdi. Süleýman ata-babalaryna gowuşdy. Ol kakasy Dawudyň galasynda jaýlandy. Onuň ýerine ogly Rehabgam patyşa boldy. Dawut patyşanyň eden işleri başdan-aýak Şamuwel görgüriň, Natan pygamberiň we Gat görgüriň kitabynda ýazylandyr. Rehabgamyň başdan-aýak eden işleri Şemagýa pygamberiň we Ydo görgüriň taryh kitaplarynda nesil daragtyna görä ýazylandyr. Rehabgam bilen Ýarobgamyň arasynda hemişe uruş boldy. Abyýanyň galan işleri, onuň hereketleri we sözleri Ydo pygamberiň ýazgylarynda ýazylandyr. Bir gün Ýarobgam Iýerusalimden çykyp barýarka, ýolda oňa şiloly Ahyýa pygamber gabat geldi. Ahyýa täze eşikler geýipdi. Çola ýerde olaryň ikisinden başga adam ýokdy.
Выбор основного перевода