Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Süleýman Rebbiň öýüni, öz köşgüni hem-de gurmaga meýil eden zatlarynyň baryny gurup gutaranda, Reb Gibgonda görnüşi ýaly, Süleýmana ikilenç göründi. Süleýman Rebbiň öýüni, öz köşgüni hem-de gurmaga meýil eden zatlarynyň baryny gurup gutaranda, Reb Gibgonda görnüşi ýaly, Süleýmana ikilenç göründi. Reb Süleýmana şeýle diýdi: «Men seniň eden dilegiňi, ýalbaryşyňy eşitdim. Seniň guran bu öýüňi mukaddes etdim. Maňa ol ýerde ebedilik ybadat ediler. Meniň nazarym we ýüregim hemişe şol ýerde bolar. Eger-de sen kakaňyň ýöreýşi ýaly sap ýüreklilik, dogrulyk bilen Meniň ýolumdan ýöräp, tabşyran ähli zatlarymy edip, Meniň hökümlerimdir düzgünlerimi berjaý etseň, „Seniň nesliňden Ysraýyla höküm sürjek adam kemlik etmez“ diýip, kakaň Dawuda wada berşim ýaly, Ysraýylyň üstünden patyşalygyňy berkarar ederin. Eger-de sen kakaňyň ýöreýşi ýaly sap ýüreklilik, dogrulyk bilen Meniň ýolumdan ýöräp, tabşyran ähli zatlarymy edip, Meniň hökümlerimdir düzgünlerimi berjaý etseň, „Seniň nesliňden Ysraýyla höküm sürjek adam kemlik etmez“ diýip, kakaň Dawuda wada berşim ýaly, Ysraýylyň üstünden patyşalygyňy berkarar ederin. Emma siz ýa-da siziň ogullaryňyz Meniň yzyma eýermekden ýüz dönderseňiz, öňüňizde goýan tabşyryklarymy, parzlarymy berjaý etmän, gidip başga hudaýlara hyzmat edip, olara sežde etseňiz, onda Men ysraýyl halkyny özlerine beren ýerimden mahrum ederin. Özüme ybadat edilmegi üçin mukaddes eden bu öýümi ret ederin. Ysraýyl halky beýleki halklara gep hem gülki bolar. Emma siz ýa-da siziň ogullaryňyz Meniň yzyma eýermekden ýüz dönderseňiz, öňüňizde goýan tabşyryklarymy, parzlarymy berjaý etmän, gidip başga hudaýlara hyzmat edip, olara sežde etseňiz, onda Men ysraýyl halkyny özlerine beren ýerimden mahrum ederin. Özüme ybadat edilmegi üçin mukaddes eden bu öýümi ret ederin. Ysraýyl halky beýleki halklara gep hem gülki bolar. Şu öý harabalyga öwrüler. Onuň ýanyndan geçýän her bir kişi oňa haýranlar galyp, pyşyrdaşyp: „Reb näme üçin bu ýurdy, bu öýi beýle terk etdikä?“ diýer. Onsoň ähli halklar: „Çünki ysraýyl halky ata-babalaryny Müsür ýurdundan çykaran özleriniň Hudaýy Rebden ýüz dönderip, başga hudaýlara tarap öwrülip, olara sežde etdiler, olara hyzmat etdiler. Şonuň üçin hem Reb bu betbagtçylygy olaryň başyndan inderdi“ diýerler». Süleýman iki öýi, ýagny Rebbiň öýi bilen öz köşgüni ýigrimi ýylda gurup gutardy. Sur patyşasy Hiramyň kedr hem-de serwi agaçlaryndan we altyndan Süleýman näçe islese berendigi üçin, Süleýman patyşa-da oňa Jelile welaýatyndan ýigrimi galany berdi. Hiram Surdan Süleýmanyň özüne beren galalaryny görmäge geldi, ýöne onuň ol galalara göwni ýetmedi. Şonuň üçin hem ol: «Eý, dogan, maňa beren galalaryň dagy nähili?» diýdi. Şeýdip, olary Kabul diýip atlandyrdylar. Olar şu güne çenli hem şeýle atlandyrylýar. Hiram bolsa Süleýman patyşa iki ýüz batman altyn iberipdi. Süleýman patyşa işçileri toplap, Rebbiň öýüni, öz köşgüni, Millony, Iýerusalimiň diwaryny, Hasor, Megido, Gezer galalaryny täzeden dikeltdi. Bu gala ozal Müsür patyşasy faraon tarapyndan basylyp alnyp, oda berlipdi. Faraon galada ýaşaýan kenganlary gyryp, ony inji hökmünde öz gyzyna – Süleýmanyň aýalyna beripdi. Şundan soň Süleýman Gezeri, aşaky Beýthorony, Bagalaty, Ýahuda çöllüginde bolan Tadmory, özüniň ähli ammar galalaryny, söweş arabalarynyň saklanýan galalaryny, söweş arabaly goşunyň saklanýan galalaryny täzeden gurdy. Mundan başga-da, Iýerusalimde, Liwanda hem-de öz golastyndaky ýerleriň ählisinde gurmaga meýil eden zatlarynyň baryny gurdurdy. Şundan soň Süleýman Gezeri, aşaky Beýthorony, Bagalaty, Ýahuda çöllüginde bolan Tadmory, özüniň ähli ammar galalaryny, söweş arabalarynyň saklanýan galalaryny, söweş arabaly goşunyň saklanýan galalaryny täzeden gurdy. Mundan başga-da, Iýerusalimde, Liwanda hem-de öz golastyndaky ýerleriň ählisinde gurmaga meýil eden zatlarynyň baryny gurdurdy. Şundan soň Süleýman Gezeri, aşaky Beýthorony, Bagalaty, Ýahuda çöllüginde bolan Tadmory, özüniň ähli ammar galalaryny, söweş arabalarynyň saklanýan galalaryny, söweş arabaly goşunyň saklanýan galalaryny täzeden gurdy. Mundan başga-da, Iýerusalimde, Liwanda hem-de öz golastyndaky ýerleriň ählisinde gurmaga meýil eden zatlarynyň baryny gurdurdy. Ysraýyl halkyndan bolmadyk amorlar, hetler, perizler, hiwiler hem-de ýabuslar entek hem şol ýurtda ýaşaýardylar. Olar ysraýyllaryň bütinleý ýok etmedik halklarynyň nesilleridir. Süleýman olary gula öwürdi. Bu şu güne çenli hem şeýledir. Emma Süleýman ysraýyl halkyny gul etmedi. Olar Süleýmanyň esgerleri, köşk emeldarlary, harby serkerdeleri, ýarag göterijileri, söweş arabaly goşunynyň serkerdeleridiler. Süleýmanyň işine baştutanlyk edýän ýolbaşçylar-da ysraýyl ogullaryndandy. Olar bäş ýüz elli adam bolup, agyr işde işleýän adamlara baştutanlyk etdiler. Faraonyň gyzy Dawut galasyndan çykyp, Süleýmanyň özi üçin guran öýüne geldi. Soňra Süleýman galanyň gündogar tarapyny täzeden dikeltdi. Süleýman Rebbe guran gurbanlyk sypasynda ýylda üç gezek ýakma gurbanlyklaryny, salamatlyk gurbanlyklaryny hödürlärdi, Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakardy. Şeýdip, ol Rebbiň öýüni doly gurup tamamlady. Süleýman patyşa Edom ýurdunda, Gyzyl deňziň kenarynda, Eýlatyň golaýynda bolan Esýongeberde gämiler ýasady. Hiram öz emeldarlaryny Süleýmanyň emeldarlary bilen bile deňze belet bolan gämiçiler bilen iberdi. Olar Opyra gidip, ol ýerden ýedi ýüz on batman töweregi altyn alyp, ony Süleýman patyşa getirip berdiler.
Выбор основного перевода