Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Siz ony şu ýagdaýda iýmelisiňiz: ýol geýimiňiz egniňize, çarygyňyz aýagyňyza geýlen bolsun, hasaňyz eliňizde bolsun. Şeýle hem, siz ony çaltlyk bilen iýmelisiňiz. Bu Rebbiň Pesahydyr. Ilkinji aýyň on dördi güni agşamyndan tä şol aýyň ýigrimi biri güni agşamyna çenli siz petir iýmelisiňiz. Birinji aýyň on dördüne Gün ýaşandan soň, Rebbe Pesah gurbanlygy hödür edilsin. Patyşa bütin halka tabşyryk berip: «Bu äht kitabynda ýazylyşy ýaly Hudaýyňyz Rebbe bagyşlap, Pesah baýramyny belläň» diýdi. Ýoşyýa Iýerusalimde Reb üçin Pesah baýramyny tutdy. Birinji aýyň on dördüne Pesah janlysyny soýmagy karar etdi.
Выбор основного перевода