Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Şondan soň, ol Gihonyň günbatarynda, deredäki Balyk derwezesindäki girelgä çenli bolan Dawut galasynyň daşky diwaryny gurdy. Manaşa diwary Ofeliň daşyndan aýlap, has beýgeltdi. Ol şeýle hem Ýahudanyň ähli galalarynda goşun serkerdelerini goýdy. Uzaýyň ogly Palal diwar öwrüminiň garşysyny we garawulhana howlusynyň ýanyndaky ýokarky köşgüň diňini dikeltdi. Onuň gapdalynda Paroşyň ogly Pedaýa bilen Ofelde ýaşaýan ybadathana hyzmatkärleri gündogarda Suw derwezesiniň gabadyna we garawul diňine çenli aralykdaky diwar bölegini dikeltdiler. Onsoň tekowalylar beýik gorag diňiniň garşysyndaky Ofel diwaryna çenli bolan aralygy dikeltdiler. Emma ybadathana hyzmatkärleri Ofelde ýaşaýardylar. Siha bilen Gişpa olara ýolbaşçylyk edýärdiler.
Выбор основного перевода