Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Bütin ýahuda halky Amazýanyň on alty ýaşyndaky ogly Uzyýany kakasy Amazýanyň ýerine patyşa etdi. Uzyýa kakasy Amazýa ata-babalaryna gowşandan soň, Eýlat galasyny täzeden dikeldip, ony Ýahuda gaýtaryp berdi. Uzyýa patyşa bolanda on alty ýaşyndady. Ol Iýerusalimde elli iki ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Ýekolýa Iýerusalimdendi. Muňa garamazdan Uzyýa seždegähleri aýyrmady. Bütin halk entek-enteklerem şol ýerlere baryp gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy.
Выбор основного перевода