Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Onsoň olar çekilen kümşi Rebbiň öýünde işleýän işçilere gözegçilik edýän baştutanlara bererdiler. Olar hem şol kümüşden neçjarlara, Rebbiň öýünde işleýän ussalara, daş örüjilere, daş ýonujylara iş hakyny tölärdiler. Şonuň ýaly hem olar kümşi Rebbiň öýüni bejertmek üçin agajy, ýonulan daşlary satyn almaga we bejeriş üçin zerur bolan başga zatlara harçlardylar. «Baş ruhany Hilkiýanyň ýanyna bar-da, oňa gapy sakçylarynyň halkdan ýygnap, Rebbiň öýüne getiren kümşüniň baryny sana diý. Goý, ol kümüş Rebbiň öýüniň işine bellenen baştutanlaryň eline berilsin. Baştutanlar hem bu kümşi Rebbiň öýüni bejerýän işçilere, agaç ussalaryna we daş örüjilere hem-de beýleki gurluşykçylara bersin. Goý, olar bu kümşi Rebbiň öýüni bejerer ýaly agaç we ýonulan daş satyn almak üçin ulansynlar.
Выбор основного перевода