Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
«Ysraýyllaryň arasyndan lewileri bölüp aýyr-da, olary tämizle. Soňra ol Kora we onuň toparyna şeýle jogap berdi: «Özüniň kimdigini, kimiň mukaddesdigini we Rebbiň ýanyna kime golaýlaşmaga rugsat edilendigini Ol säher bilen aýan eder. Reb Öz saýlanyna ýanyna golaý barmaga rugsat eder. Dawudyň soňky sözlerine görä, lewileriň ýigrimi hem ondan uly ýaşlylarynyň sany şudy. Lewiler Rebbiň öýüne hyzmat etmek üçin, Harunyň neslinden bolan adamlaryň ýanynda bolup, şu işleri ýerine ýetirmelidiler: howlulara hem-de otaglara seretmek, mukaddes zatlary arassalamak, Hudaýyň öýüniň hyzmatyndaky her bir işe: hödür çöregine, gurbanlyklar üçin berlen saýlama una, petir kökelere, bişirilen sadakalara, zeýtun ýagyna garylan sadaka, ybadathana ölçegine we möçberine seretmek. Men olara şeýle diýdim: «Siz Rebbe bagyş edilensiňiz, bu gap-gaçlar hem bagyş edilendir. Bu altyndyr kümüş siziň ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbe berlen meýletin sadakadyr. Bu zatlary Rebbiň öýüniň otaglarynda baş ruhanylaryň we lewileriň Iýerusalimdäki Ysraýyl urugbaşylaryna gowşurýançaňyz, olary berk gorap saklaň».
Выбор основного перевода