Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Siriýalylaryň aman galanlary Apek galasyna gaçyp girdiler. Gala gaçyp giren ýigrimi ýedi müň adamyň üstüne diwar ýykyldy. Benhadat hem gala gaçyp, ol şol ýerdäki bir içki otagda gizlendi. Ahap patyşa ýoldan geçip barýarka, pygamber ony çagyryp, şeýle diýdi: «Jenabym, men–guluň söweş meýdanynyň ortarasynda söweşip ýörkäm, bir esger meniň ýanyma öz ýesir alan duşmanyny getirip: „Şu adamy öz ýanyňda sakla. Eger ol gaçaýsa, sen ony öz janyň bilen ýa-da iki putdan gowrak kümüş bilen tölärsiň“ diýdi. Mikaýa: «Sen muny gizlenmek üçin içki otaga giren günüň bilersiň» diýip jogap berdi.
Выбор основного перевода