Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Siziň seždegähleriňizi ýykyp, ýakymly ysly tütetgi ýakýan sypalaryňyzy weýran ederin. Siziň maslyklaryňyzy ýykylan butlaryňyzyň maslyklarynyň üstüne üýşürerin. Men sizi ret ederin. Ýoşyýanyň öňünde Bagal butlarynyň gurbanlyk sypalaryny ýykdylar; olaryň ýokarsynda bolan ýakymly ysly tütetgi ýakylýan sypalary ýumurdylar; Aşera butlaryny, oýma we guýma butlaryny-da bölek-bölek edip, küle öwrüp, ony şu butlara gurbanlyk berenleriň gabyrlaryna sepelediler. Ýoşyýa Manaşa, Efraýym, Şimgon, hatda Naftala çenli bolan şäherlerdäki, olaryň töwereklerindäki harabalyklardaky gurbanlyk sypalaryny ýykdy. Aşera butlaryny we beýleki butlary döwüp kül etdi, bütin Ysraýyldaky ýakymly ysly tütetgi ýakylýan sypalary ýykdy. Soňra ol Iýerusalime dolanyp geldi. Gurbanlyk sypalaryňyz weýran bolar, ýakymly ysly tütetgi ýakýan sypalaryňyz kül-peýekun ediler; gylyçdan geçirilenleriňizi butlaryňyzyň öňüne taşlaryn. Nirede ýaşasaňyz hem galalaryňyz weýran bolar, seždegähleriňiz haraba döner. Şonuň üçin gurbanlyk sypalaryňyz döwlüp ýykylsyn, butlaryňyz parçalanyp, ýer bilen ýegsan bolsun, ýakymly ysly tütetgi ýakýan sypalaryňyz ýok edilsin we el işleriňizden hiç zat galmasyn.
Выбор основного перевода