Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Haruny we onuň ogullaryny edil Meniň buýruşym ýaly, ýedi günden soň Maňa ruhanyçylyga belle. Lewiler öz öri meýdanlaryny we mülklerini taşlap, Ýahuda, Iýerusalime geldiler, çünki Ýarobgam we onuň ogullary olary ruhanylyk etmekden aýrypdylar. Ýarobgam seždegählere, öz ýasan but erkeçlerine we gölelerine ruhanylaryny belledi. Öz hudaýlaryny çalşan millet barmy? Ýogsam olaryň hudaýlary Hudaýam däl. Emma Meniň halkym öz şöhratly Hudaýyny çalyşdy biderek zada. «Mundan soň Men seni nädip bagyşlaýyn? Çagalaryň Meni terk etdiler, olar hudaýlaryndan ant içdiler, ýogsam olar Hudaýam däl. Olary doýranymda zyna etdiler, toparlanyşyp, lolularyň öýlerine gitdiler. Çünki bu but Ysraýylyň işidir. Ony ussa ýasady. Ol Hudaý däldir. Samariýanyň gölesi bölek-bölek bolar.
Выбор основного перевода