Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
«Ysraýyllara şeýle buýruk ber, goý, olar özlerine miras düşen mülklerinden lewilere ýaşar ýaly galalar bersinler. Şol galalaryň töweregindäki öri meýdanlaryny-da lewilere bersinler. Bu galalar lewileriň ýaşamagy üçindir. Galalaryň töweregindäki öri meýdanlary bolsa lewileriň sürüleri we ähli mal-garalary üçindir. Galanyň diwaryndan çar tarapa müň tirsek aralyk goýup, onuň gündogar we günorta taraplaryny iki müň tirsek, günbatar we demirgazyk taraplaryny-da iki müň tirsek edip, lewilere beriljek galalaryň öri meýdanlaryny dörtburç şekilinde ölçäň». Galanyň diwaryndan çar tarapa müň tirsek aralyk goýup, onuň gündogar we günorta taraplaryny iki müň tirsek, günbatar we demirgazyk taraplaryny-da iki müň tirsek edip, lewilere beriljek galalaryň öri meýdanlaryny dörtburç şekilinde ölçäň». Siz Rebbiň ruhanylary bolan Harunyň ogullaryny we lewileri kowup, başga ýurtlaryň halklary ýaly öz ruhanylaryňyzy bellediňiz. Bir öküzçe ýa-da ýedi goç bilen mukaddes edilmäge gelen her kes but hudaýlara ruhany bolýar.
Выбор основного перевода