Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Rehabgam Şekeme gitdi. Bütin ysraýyl halky Rehabgamy patyşa etjek bolup, Şekeme gelipdi. Nebadyň ogly Ýarobgam şol wagt Süleýmandan gaçyp, Müsürde ýaşaýardy. Ol Rehabgam baradaky habary eşidenden soň, Müsürden gaýdyp geldi. Tutuş ysraýyl jemagaty Ýarobgamy çagyrdyp alyp, onuň bilen bile Rehabgamyň ýanyna gelip, oňa: «Kakaň bize agyr zulum etdi. Indi sen kakaňyň bize eden agyr zulumyny ýeňlet we bize salan salgydyny azalt, şonda biz saňa gulluk ederis» diýdiler. Rehabgam ysraýyl halkyna: «Gidiň-de, ýene-de üç günden meniň ýanyma dolanyp geliň» diýdi. Şeýdip, olar gitdiler. Onsoň Rehabgam patyşa kakasy Süleýmanyň diri mahalynda onuň hyzmatynda duran ýaşulular bilen geňeşip, olardan: «Bu halka nähili jogap bermegi maňa maslahat berýärsiňiz?» diýip sorady. Ýaşulular oňa: «Eger sen şu gün bu halka ýagşy hyzmat edip, olardan ýagşy sözüňi gaýgyrmasaň, olar saňa baky hyzmat ederler» diýip jogap berdiler. Emma Rehabgam ýaşulularyň beren maslahatyny äsgermän, özi bilen bile ösüp ulalan, huzurynda hyzmat edýän ýaş ýigitler bilen geňeşdi. Rehabgam ýaş ýigitlerden: «Siz: „Sen kakaňyň bize eden agyr zulumyny ýeňlet“ diýýän bu halka nähili jogap bermegi maňa maslahat berýärsiňiz?» diýdi. Onuň bilen bile ösüp ulalan ýaş ýigitler oňa: «Saňa „Kakaňyň bize eden agyr zulumyny ýeňlet“ diýýän bu halka öz külem barmagyň kakaňyň bilinden ýogyndygyny aýt. Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilen zulumy has-da artdyraryn; kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn diý» diýdiler. Şeýdip, patyşanyň: «Meniň ýanyma ýene-de üç günden dolanyp geliň» diýşi ýaly, Ýarobgam bilen bütin halk üçünji gün Rehabgamyň ýanyna geldiler. Patyşa halka rehimsizlik bilen jogap berdi. Ol ýaşulularyň özüne beren maslahatyny ret etdi. Rehabgam ýaş ýigitleriň beren maslahatyna eýerip, Ýarobgama we ysraýyl halkyna şeýle jogap berdi: «Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilen zulumy has-da artdyraryn. Kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn». Şeýdip, patyşa halky diňlemedi. Bu waka Rebbiň şiloly Ahyýa arkaly Nebadyň ogly Ýarobgam barada aýdan sözüniň amala aşmagy üçin Reb tarapyndan şeýle tamamlanypdy. Patyşanyň özlerini diňlemejegini bilen ysraýyl halky oňa: «Biziň Dawut bilen näme şärikligimiz bar? Ýyşaýyň oglunda mirasymyz ýokdur. Eý, ysraýyllar, öýli-öýüňize gaýdyň! Eý, Dawudyň nesli, sen öz öýüňe seret!» Şeýdip, ysraýyllar öz öýlerine dolandylar. Emma Rehabgam diňe Ýahuda şäherlerinde ýaşaýan ysraýyllara patyşalyk etdi. Rehabgam patyşa gullaryň baştutany Adoramy Ysraýyla iberende, ysraýyl halky ony daşlap öldürdi. Rehabgam patyşa Iýerusalime gaçmak üçin, howlukmaçlyk bilen öz at arabasyna mündi. Şeýdip, Demirgazyk ysraýyl tireleri şu güne çenli Dawudyň nesillerine garşy pitne turzup gelýärler. Ýarobgamyň gaýdyp gelendigini eşiden bütin ysraýyl halky onuň ýanyna adam ýollap, ony ýygnanyşyga çagyryp, tutuş Ysraýyla patyşa etdiler. Ýahuda tiresinden başga Dawudyň nesilleriniň yzyna düşen bolmady.
Выбор основного перевода