Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Süleýman söweş arabalary bilen arabaly esgerleri toplady; onuň bir müň dört ýüz söweş arabasy, on iki müň söweş arabaly esgerleri bardy. Süleýman olaryň birnäçesini öz ýanynda Iýerusalimde, galanlaryny bolsa söweş arabalarynyň saklanýan galalarynda ýerleşdirdi. Süleýman Iýerusalimde kümşi daşlar bilen deň etdi, kedr agajyny bolsa günbatar baýyrlykda gögerýän ýabany injir agajy kimin köpeltdi. Süleýmanyň atlary Müsürden we Keweden getirildi; patyşanyň täjirleri olary Keweden belli bir baha satyn aldylar. Bir söweş arabasy on ýedi gadak töweregi kümşe, bir at bolsa dört gadakdan gowrak kümşe satyn alnyp, olar Müsürden getirilýärdi. Şeýdip, bu söweş arabalary we atlar Süleýmanyň täjirleriniň üsti bilen bütin hetleriň we Siriýanyň şalaryna satylýardy. Süleýmanyň atlar bilen söweş arabalary üçin dört müň athanasy bardy, on iki müň arabaly esgerleri bardy. Süleýman olaryň birnäçesini öz ýanynda – Iýerusalimde, galanlaryny bolsa söweş arabalarynyň saklanýan galalarynda ýerleşdirdi. Süleýman Ýewfrat derýasyndan piliştlileriň ýurduna we Müsür serhedine çenli aralykda bolan ähli patyşalaryň üstünden höküm sürdi. Süleýman Iýerusalimde kümşi daşlar bilen deň etdi, kedr agajyny bolsa günbatar baýyrlykda gögerýän ýabany injir agajy kimin köpeltdi. Süleýmanyň atlary Müsürden, beýleki ähli ýurtlardan getirildi. Şeýle hem Süleýmanyň söweş arabalaryna goşulýan atlary üçin kyrk müň sany at ýatagy, on iki müň atlysy bardy.
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Выбор основного перевода