Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Ýeşuwa: «Sen olardan gorkma, sebäbi ertir şu wagtlar Men olaryň ählisini öldürip, ysraýyllaryň eline berjekdirin. Siz olaryň atlarynyň toýnaklaryny döwüň we arabalaryny otlaň» diýdi. Ýeşuwa Rebbiň özüne buýruşy ýaly edip, olaryň atlarynyň toýnaklaryny döwdi, at-arabalaryny bolsa otlady. Kakasynyň halka ant içirendiginden Ýonatan bihabardy. Ol elindäki hasasynyň ujuny bala batyryp, agzyna ýetirende, onuň gözleri ýalpyldap gitdi. Dawudy özlerine duşman edendiklerine düşünip, ammonlar Beýtrehop bilen Sobadan siriýalylaryň ýigrimi müň esgerini, Topdan on iki müň adamy hem-de Magaka patyşasyny müň adamy bilen bile hakyna tutdular. Özleriniň ysraýyllardan ýeňlendiklerini gören siriýalylar bir ýere toplanyşdylar. Hadadgezer Ýewfradyň aňyrsyndaky siriýalylara habar ýollap, söweşe çykardy. Olar Hadadgezeriň goşunbaşysy Şobagyň baştutanlygynda Heýlam galasyna geldiler. Dawut muny eşidip, ähli ysraýyllary toplap, Iordan derýasyndan geçdi we Heýlam galasyna geldi. Siriýalylar Dawudyň garşysyna nyzama durdular we söweşe girişdiler. Siriýalylar ysraýyllaryň goşunyndan gaçdylar. Dawut olaryň ýedi müň söweş arabaly esgerlerini hem-de pyýada goşundan kyrk müň adamy öldürdi. Ol siriýalylaryň goşunbaşysy Şobagy ýaralady; Şobak şol ýerde jan berdi. Hadadgezere tabyn bolan hanlaryň ählisi özleriniň ysraýyllardan ýeňlendiklerine göz ýetirdiler; olar bilen ylalaşyk baglaşyp, olara boýun egdiler. Siriýalylar hem mundan beýläk ammonlara kömek etmekden gorkdular. Jenaby Soba patyşasy Hadadgezerden gaçyp giden Elýadanyň ogly Rezony hem Hudaý Süleýmana duşman etdi. Dawut sobalylary öldürende, Rezon ýanyna adam ýygnap, bir leşgere baş boldy. Olar Damaska baryp, şol ýerde mesgen tutdular, onuň adamlary Rezony Damaskda patyşa etdiler. Hadadyň ýamanlyk edişi ýaly, Süleýmanyň bütin ömrüne Rezon Ysraýyla duşman bolup, Ysraýyly ýigrendi hem-de Siriýa hökmürowanlyk etdi.
Выбор основного перевода