Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Abýatar belende çykyp durdy, Sadok hem ähli lewiler bilen Hudaýyň Äht sandygyny göterip alyp barýardy. Adamlaryň bary galadan çykyp bolýança, olar Hudaýyň sandygyny ýerde goýdular. Ýehoýadanyň ogly Benaýa goşunbaşydy, Sadok bilen Abýatar ruhanylardy. Dawut Elgazaryň nesli Sadok, Ytamaryň nesli Ahymelek bilen bile ruhanylary borçlaryna görä hyzmat işlerine bölüşdirdi. Lewilerden bolan Netaneliň ogly Şemagýa mürze patyşanyň, ýolbaşçylaryň, ruhany Sadok bilen Abýataryň ogly Ahymelegiň, ruhanylaryň nesilleriniň hem-de lewileriň kowumbaşylarynyň huzurynda bularyň atlaryny ýazdy. Elgazar bilen Ytamaryň hersi üçin bir topar saýlanyp alyndy.
Выбор основного перевода