Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dawut galany eýeledi we ony «Dawut galasy» diýip atlandyrdy. Ol Millodan başlap, galanyň tutuş töweregini täzeden gurdy. «Reb Obededomyň hojalygyny hem-de oňa degişli bolanlaryň ählisini Hudaýyň sandygy üçin ýalkady» diýip, Dawut patyşa habar berdiler. Dawut gidip, Hudaýyň sandygyny uly şatlyk bilen Obededomyň öýünden Dawut galasyna getirdi. Rebbiň sandygy Dawut galasyna getirilende, Şawulyň gyzy Mikal penjireden seretdi. Dawudyň Rebbiň huzurynda bökjekläp tans edişini görüp, ol öz ýanyndan Dawuda göwnüýetmezçilik bilen seretdi. Onsoň Dawut ata-babalaryna gowuşdy. Ony Dawut galasynda jaýladylar. Onsoň Süleýman Rebbiň Äht sandygyny Dawut galasy bolan Sion galasyndan getirtmek üçin, Ysraýylyň ýaşulularyny, ähli tirebaşylaryny, ysraýyllaryň urugbaşylaryny Iýerusalime, öz huzuryna ýygnady. Onuň patyşa garşy el galdyrmagynyň sebäbi şeýledi: Süleýman Millony täzeden dikeldip, kakasy Dawut galasynyň diwarlarynyň ýykylan ýerlerini abatlady. Şeýdip, Hizkiýa kuwwatlanyp, diwaryň ähli ýykylan ýerlerini bejerip, onuň üstünde diňler galdyrdy. Daşyndan ol ýene-de başga bir diwar gurdy. Bulardan başga-da Hizkiýa Dawut galasyndaky Millony berkidip, köp mukdarda ýaraglardyr galkanlar ýasatdy.
Выбор основного перевода