Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sur patyşasy Huram Dawudyň ýanyna çaparlar bilen kedr agaçlaryny, kerpiç örüjileri hem agaç ussalaryny iberdi. Olar Dawut üçin köşk gurdular. Şeýlelikde, Dawut özüni Rebbiň Ysraýylyň patyşasy hökmünde berkarar edendigine hem-de Öz halky Ysraýylyň hatyrasyna onuň patyşalygyny beýgeldendigine göz ýetirdi. Dawut Iýerusalimde birnäçe aýallar aldy we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. Dawudyň Iýerusalimde doglan çagalary, ine, şulardyr: Şammuwa, Şobap, Natan; Süleýman, Ýybhar, Elişuwa, Elipelet; Noga, Nepek, Ýapyýa; Elişama, Begelýada we Elipelet. Dawudyň tutuş Ysraýyla patyşalyga bellenilendigini eşidende, ähli piliştliler aýaga galyp, onuň gözlegine çykdylar. Dawut muny eşidip, olaryň garşysyna çykdy. Piliştliler gelip, Rapa jülgesine çozupdylar. «Men piliştlileriň garşysyna çykaýynmy? Sen olary meniň elime berermiň?» diýip, Dawut Hudaýa ýüz tutdy. Reb oňa: «Bar, olary seniň eliňe berjekdirin» diýdi. Şeýlelikde, Dawut Bagalperasyma gidip, olary şol ýerde derbi-dagyn etdi. Dawut: «Sil bentleriniň böwsülişi kimin, Hudaý-da duşmanlaryma meniň elim bilen zarba urdy» diýdi. Şol sebäpden hem bu ýere Bagalperasym diýen at dakyldy. Piliştliler butlaryny taşlap gitdiler; butlar Dawudyň buýrugy bilen ýakyldy. Piliştliler şol jülgä ýene çozdular. Dawut ýene Hudaýa ýüz tutanda, Ol şeýle diýdi: «Olaryň öňünden çykma. Olaryň daşyndan aýlan-da, balzam agaçlary tarapdan gelip, olaryň ýeňsesinden ur. Balzam agaçlarynyň başlaryndan aýak seslerini eşideniňde, hüjüme geç, sebäbi bu piliştlileriň goşunyny derbi-dagyn etmek üçin, Men – Hudaýyň seniň öňüňe düşdügidir». Dawut Hudaýyň buýruşy ýaly etdi. Ol Gibgondan Gezere çenli bolan aralykda piliştlileri gyrdy. Sur patyşasy Hiram Süleýmanyň kakasynyň ornuna patyşalyga bellenendigini eşiden badyna, öz emeldarlaryny Süleýmanyň ýanyna iberdi; çünki Hiram Dawudyň hemişelik ýarany bolupdy.
Выбор основного перевода